Ministr Çawuşogly Bolgariýada türk işewür adamlar bilen duşuşyk geçirdi

Ministr Çawuşogly, Bolgariýa guran 2 günlik resmi saparynyň çäginde, ýurtda ýaşaýan türk işewür adamlar bilen duşuşyk geçirdi

1350593
Ministr Çawuşogly Bolgariýada türk işewür adamlar bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýe bilen Bolgariýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özgerdilmeginde işewür dünýäniň möhüm rol eýeleýändigini belläp: “Ikitaraplaýyn söwda kuwwadymyzy 10 milliard ýewro ýetirmek maksat edinýäris” diýip habar berdi.

Ministr Çawuşogly, Bolgariýa guran 2 günlik resmi saparynyň çäginde, ýurtda ýaşaýan türk işewür adamlar bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşyk bilen bagly özüniň Twitter hasabyndan beýanat beren Mewlüt Çawuşogly: “Bolgariýada iş alyp barýan işewür adamlarymyz bilen duşuşyk geçirdik. Işewür dünýä iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özgerdilmegi babatynda möhüm rol eýeleýär. Ykdysady we söwda gatnaşyklarymyzy has hem özgertmekde tutanýerlidiris. Ikitaraplaýyn söwda kuwwadymyzy 10 milliard ýewro ýetirmegi maksat edinýäris” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar