Ministr Muş: "Ähli wagtlaryň iň ýokary eksport görkezijisi amala aşyryldy"

Muş paýtagt Ankara şäherinde geçiren metbugat ýygnagynda aprel aýynyň daşary söwda görkezijileri barada beýannama berdi

1822567
Ministr Muş: "Ähli wagtlaryň iň ýokary eksport görkezijisi amala aşyryldy"

Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muş, eksportyň aprel aýynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 24,6 göterimlik artyş bilen 23,4 milliard dollara ýetendigini belläp: "Bu görkeziji ähli wagtlaryň iň ýokary eksport görkezijisidir" diýip nygtady. 

Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muş paýtagt Ankara şäherinde geçiren metbugat ýygnagynda aprel aýynyň daşary söwda görkezijileri barada beýannama berdi. 

Türkiýäniň eksportda 2021-nji ýyldaky uly üstünliginden soň, 2022-nji ýylyň ilkinji 4 aýynda hem güýçli depginini dowam etdirýändigini aýdan Mehmet Muş: "Geçen aprel aýynda eksportymyz geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 24,6 göterimlik artyş bilen 23,4 milliard dollara ýetdi. Bu görkeziji ähli wagtlaryň iň ýokary aýlyk eksport görkezijisidir. 2022-nji ýylyň ilkinji 3 aýynda aýlyk iň ýokary eksport görkezijilerini aýan edipdik. Şeýlelik bilen artyşlarymyz dowam edýär. Beýleki tarapdan 29-njy aprelde amala aşyran 1 milliard 956 million dollarlyk eksportymyz, Respublika taryhynda diňe 1 günde amala aşyrylan iň ýokary eksport görkezijisi bolmak taýdan örän ähmiýetlidir" diýip habar berdi. 

Ministr Muş, aprel aýynda daşary söwda mukdarynyň geçen ýylyň aprel aýyna garanyňda 30,1 göterimlik artyş bilen 52,8 milliard dollara ýetendigini, importyň bolsa aprel aýynda geçen 2021-nji ýylyň aprel aýynda garanyňda 35 göterimlik artyş bilen 29,5 milliard dollara ýetendigini mälim etdi. 

Mehmet Muş, 2022-nji ýylda güýçli depginiň dowam etjekdigine we eksportda täze rekordlara ýetiljekdigine bolan ynanjynyň güýçlidigine ünsleri çekdi. 



Degişli Habarlar