Ministr Pekjan Marokkoda ikitaraplaýyn häsýetde maýa goýmak barada çagyryş berdi

Ruhsar Pekjan Marokkoda saparda boldy

1342198
Ministr Pekjan Marokkoda ikitaraplaýyn häsýetde maýa goýmak barada çagyryş berdi

Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjan, Nigeriýa guran saparyndan soň, saparda bolan Marokkonyň paýtagty Rabat şäherinde Marokkonyň şalygynyň Senagat, söwda, ýaşyl we sifrleýin ykdysadyýet ministri Moulaý Hafid Elalamy bilen duşuşyk geçirdi.

Pekjan ol ýerde eden çykyşynda, Marokkonyň Türkiýäniň möhüm hyzmatdaşlaryndan biridigini, türk işewür adamlarynyň bu ýurtda has köp maýa goýmagyna garaşýandyklaryny belläp: “Marokkoly maýadarlary hem Türkiýä maýa goýmaga çagyrýarys” diýip belledi.


Etiketkalar: #Marokko , #Ruhsar Pekjan

Degişli Habarlar