Müsür BAE-den we Kuweýtden karz aldy

Müsüriň BAE-niň we Kuweýdiň banklaryndan 3 milliard dollar kredit alandygy habar berildi

1763352
Müsür BAE-den we Kuweýtden karz aldy

Merkezi Saud Arabystanynda ýerleşýän Al Arabiýa kanalynda berilen habarlara görä, Müsüre kredit beren banklaryň arasynda Emirates NBD, First Abu Dhabi Banky, Abu Dabi Yslam Banky, Al Ahli Bank of Kuwait, Arab Banking Corporation, Milli Kuweýt banky we Warba Banky ýaly banklar bar. 

Üç milliard dollar kreditiň ýarsynyň ýaşyl kredit, beýleki böleginiň bolsa Yslam maliýesiniň çäginde alynjakdygy habar berilen maglumatda, kreditiň prosendi, möhledi we haçan yzyna beriljekdigi barada bolsa maglumat berilmedi. 

Müsüriň Maliýe ministrliginiň berýän habaryna görä, 2021-nji ýylyň ahyrynda ýurdyň daşary ýurt bergisi 137,85 milliard dollara ýetdi. 


Etiketkalar: #bank , #Kuweýt , #BAE , #karz , #kredit , #Müsür

Degişli Habarlar