"Oba hojalyk pudagyndaky ösüşimiz boýunça Ýewropada 2-nji boldyk"

Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak, Türkiýäniň Oba hojalyk pudagyndaky ösüş boýunça Ýewropada 2-nji bolandygyny habar berdi

1494697
"Oba hojalyk pudagyndaky ösüşimiz boýunça Ýewropada 2-nji boldyk"

Türkiýäniň Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak, "Oba hojalykda Ýewropa ýurtlarynyň ortaça ösüş tizligi" sözbaşyly grafika paýlaşdy.

Berat Albaýrak, beýanatynda Türkiýäniň Ýewropada 2-nji orundadygyny belläp: "Ýewropa derejesinde ençeme ýurtdan geçip, Oba hojalyk boýunça eden ösüşimiz bilen 2-nji orun eýeledik. Maksadymyz dünýäde we Ýewropada lider ýurtlaryň arasynda bolmak. Bu üstünligi gazanmagymyz üçin tagalla eden, zähmet çeken ähli daýhanlarymyzy gutlaýaryn" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #Ýewropa , #orun , #pudak , #Oba hojalyk

Degişli Habarlar