Pakistanyň Prezidenti türk maýadarlary ýurduna çagyrdy

Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi, ýurdunyň maýa goýumlara taýardygyny nygtady we dünýäniň çar tarapyndan esasan Türkiýeli maýadarlaryň bu pursatdan ýerlikli peýdalanmalydygyny aýtdy

1099902
Pakistanyň Prezidenti türk maýadarlary ýurduna çagyrdy

Mesele hakynda berlen beýanata görä, Prezident Alwi oktýabr aýynda Türkiýä guran saparynyň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkiýäniň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ihsan Mustafa Ýurdakuly kabul etdi.

Prezident Alwi kabul edilşikde “Türk maýadarlary energetika we infstruktura boýunça Pakistana uly maýa goýdular” diýdi.

Türkiýe bilen Pakistanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň özara bähbide esaslanýandygyna ünsi çeken Alwi, iki ýurduň goranyş senagaty boýunça baglaşan şertnamalaryna Pakistanyň uly ähmiýet berýändigini aýratyn belledi.

Türkiýäniň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ihsan Mustafa Ýurdakul hem iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň Prezident Alwiniň guran sapary bilen has-da güýçlenjekdigini nygtady.

 


Etiketkalar: #Pakistan , #maýadar

Degişli Habarlar