Pegasus howaýollary kärhanasy Odessa şäherine 28-nji martda uçar saparlaryny başladar

Pegasus tarapyndan berilen beýanata görä, howaýollar kärhanasy Stambul bilen Odessa şäherlerini biri-birleri bilen birleşdirer

1586913
Pegasus howaýollary kärhanasy Odessa şäherine 28-nji martda uçar saparlaryny başladar

Pegasus howaýollar kärhanasy, Stambul Sabiha Gökçen howa menzilinden Ukrainadaky 5-nji uçuş nokady bolan Odessa şäherine 28-nji martdan başlap uçar saparlaryny başladar. 

Pegasus tarapyndan berilen beýanata görä, howaýollar kärhanasy Stambul bilen Odessa şäherlerini biri-birleri bilen birleşdirer. 

Sabiha Gökçen howa menzilinden Odessa şäherine hepdäniň 2 güni guraljak uçar saparlarynyň ilkinjisi 28-nji martda amala aşyrylar. 

Pegasus howaýollar kärhanasynyň Kiýew, Lwow, Harkow we Zaparožýa şäherlerinden soň 5-nji uçuş nokady bolan Odessa uçar saparlary Sabiha Gökçen howa menzilinden Odessa penşenbe we ýekşenbe günleri Türkiýäniň wagty bilen sagat 16:20-de, Odessa halkara howa menzilinden Stambula bolsa şol günler 18:45-de amala aşyrylar. 



Degişli Habarlar