Rizeden 19 Ýurda Çaý Eksport Edildi

Rizeden 4 aýda 19 ýurda çaý eksport edildi

1828365
Rizeden 19 Ýurda Çaý Eksport Edildi

Rize welaýatyndan üstümizdäki ýylyň ýanwar-aprel aýlaryny öz içine alýan döwürde 2 million 869 müň 310 dollarlyk çaý eksport edildi.

Gündogar Garadeňiz eksportçylar bileleşiginiň dolanşyk geňeşiniň başlygy Ahmet Hamdi Gürdogan, Rizeden 4 aýda 19 ýurda çaý eksport edendiklerini aýtdy.

Ady agzalýan döwürde 1045 tonna çaýyň eksport edilendigini we 2 million 869 müň 310 dollarlyk girdeji gazanylandygyny aýdan Gürdogan, “4 aýda Belgiýa 1 million 660 müň 323, Ukraina 2987 müň 873 we ABŞ-na 152 müň 978 dollarlyk çaý eksport edildi” diýdi.

 

 


Etiketkalar: #girdeji , #çaý eksporty , #Rize

Degişli Habarlar