Russiýa 119 million 137 müň dollarlyk sitrus önümleri eksport edildi

Russiýa eksport edilen sitrus önümleriniň mukdary 48 göterim artdy

1452233
Russiýa 119 million 137 müň dollarlyk sitrus önümleri eksport edildi

 

Russiýa Federasiýasyna üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda eksport edilen sitrus önümleriniň mukdary geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 48 göterim artyp 119 million 137 müň dollara barabar boldy.

Geçen ýyl ýanwar-iýun aýlaryny öz içine alýan döwürde 143 müň 46 tonna sitrus önümleri eksport edilip 80 million 704 müň dollarlyk girdeji gazanylypdy.

Üztümizdäki ýylyň birinji ýarymynda bolsa Russiýa 197 müň 828 tonna sitrus önümleri eksport edilip 119 million 137 müň dollarlyk girdeji gazanylypdy.

6 aýda Russiýa 83 müň 119 tonna mandarin eksport edilip 50 million 790 dollarlyk, 42 müň 129 tonna apelsin eksport edilip 21 million 973 müň dollarlyk, 40 müň 241 tonna limon eksportyndan bolsa 30 million 826 müň dollarlyk girdeji gazanyldy.



Degişli Habarlar