Russiýa: "Türkiýe turlarynda talaplar örän artdy" diýdi

Maýa Lomidze Zwezda telewideniýe kanalyna beýanat berdi

1661648
Russiýa: "Türkiýe turlarynda talaplar örän artdy" diýdi

Russiýanyň Tur operatorar bileleşiginiň başlygy Maýa Lomidze, Türkiýä uçar saparlarynyň ýaňadandan başlajakdygy aýan edilmeginden soň, Türkiýäniň kenarýaka şäherlerine bildirilýän talaplaryň garaşylandan örän artandygyny mälim etdi. 

Zwezda telewideniýe kanalyna beýanat beren Lomidze, Russiýanyň hökümetiniň Türkiýä uçar saparlaryny 22-nji iýundan başlap başlatmak barada karar kabul etmeginden soň talaplaryň örän artandygyny habar berdi. 

Lomidze: "Türkiýä uçar saparlarynyň ýaňadandan başladyljakdygy barada beýanat berileninden soň, ýarym sagadyň içinde tur operatorlaryna we syýahatçylyk agentliklerine bu ýurda uçmak isleýän syýahatçylaryň ýüzlerçesi ýüz tutdy. Olaryň aglabasy 22-nji iýunda uçmak isleýär" diýip mälim etdi. 

Takmynan ýarym million syýahatçynyň aprel we maý aýlarynda Türkiýä gidip bilmezligi sebäpli syýahatçylyk pudagynda elbetde bir hereketlilige garaşandyklaryny aýdan Lomidze: "Emma bular ýaly çürt kesip talap artyşy we anna güni agşamdan başlap ýüz tutmalardaky artyş, tur operatorlaryň we syýahatçylyk agentlikleriniň çak edişlerinden geçdi" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar