"Russiýanyň ykdysadyýety 2 ýyl kyn ýagdaýda bolar"

Kudrin, Russiýanyň Kosntitutsion geňeşinde eden çykyşynda, ýurdyň ykdysadyýetiniň ýagdaýynyň üstünde durup geçdi

1819336
"Russiýanyň ykdysadyýety 2 ýyl kyn ýagdaýda bolar"

Ýokary Gözegçilik edarasynyň başlygy Alekseý Kudrin, Russiýanyň ykdysadyýetindäki krizisiň 2009-njy ýyldan we koronawirus epidemiýasy döwründen has uludygyny belläp: "Takmynan 2 ýyl örän kyn şertlerde ýaşarys" diýip belledi. 

Russiýada bir wagtlar Maliýe ministri wezipesinde hem işlän Alekseý Kudrin, Russiýanyň Kosntitutsion geňeşinde eden çykyşynda, ýurdyň ykdysadyýetiniň ýagdaýynyň üstünde durup geçdi. 

Russiýanyň ykdysadyýetiniň kyn zamanadan geçýändigini aýdan Kudrin: "Russiýanyň Ykdysady galkynyş ministrliginiň konserwatiw çaklamalaryna görä, ýylyň ahyrynda ykdysadyýetiň 12,4 göterim peselmegine garaşylýar. Inflýasiýa bolsa adaty çaklamalara görä 20,7 göterim derejesinde bolar" diýip habar berdi. 

Kudrin ykdysadyýetde uly mukdarda näbellilikleriň bardygyny belläp: "Russiýanyň ykdysadyýetindäki krizis 2009-njy ýyldan we koronawirus epidemiýasy döwründen has uludyr. Takmynan 2 ýyl örän kyn şertlerde ýaşarys" diýip belledi. 

Ykdysadyýetiň goldanmagy üçin rus hökümediniň strategik häsýetli karar kabul edendigini aýdan Kudrin: "Hökümet şu ýyl býujet düzgünlerini durmuşa geçirmez. Ol bolsa Milli maddy-üpjünçilik gaznasyna geçirilmegiň ýerine nebit we tebigy gazdan alynjak goşmaça ähli girdejileriň sarp ediljekdigi manysyna gelýär. Çaklamalara görä takmynan 84 milliard dollar ykdysadyýeti goldamak üçin sarp ediler" diýip aýtdy. 



Degişli Habarlar