Sarp ediji ynam indeksi iýun aýynda artdy

Maý aýynda 77,3 göterim bolan Sarp ediji ynam indeksi, iýun aýynda 81,7 göterime çenli ýokarlady

1662863
Sarp ediji ynam indeksi iýun aýynda artdy

Türkiýede Sarp ediji ynam indeksi iýun aýynda aýlyk görkezijiler boýunça 5,8 göterim artyp, 81,7 göterime ýetdi. 

Türkiýäniň Hasabat guramasy, iýun aýynyň sarp ediji ynam indeksi bilen bagly görkezijileri aýan etdi. 

Türkiýäniň Hasabat guramasy we Türkiýäniň Merkezi banky bilelikde geçiren Sarp ediji tendensiýasy sowalnamasynyň netijelerinden hasaplanan möwsüm täsirinden saplanan sarp ediji ynam indeksi, iýun aýynda maý aýyna garanyňda 5,8 göterim artdy. 

Maý aýynda 77,3 göterim bolan Sarp ediji ynam indeksi, iýun aýynda 81,7 göterime çenli ýokarlady. 



Degişli Habarlar