Saud Arabystanynda nebit üpjünçiligi kadalaşdy

Nebitden alynýan girdejiniň hem durnukly boljakdygy beýan edildi

1271451
Saud Arabystanynda nebit üpjünçiligi kadalaşdy

Saud Arabystanynyň Energetika ministri Abdulaziz Ben Salman ýurtda nebit üpjünçiliginiň milli nebit kompaniýasy “Saudi Aramko” degişli desgalara guralan hüjümden ozalky çäge ýetendigini beýan etdi.

Energetika ministri Ben Salman Jiddede geçiren metbugat ýygnagynda Aramkonyň üstümizdäki aýyň dowamynda ähli üpjünçilik borjuny ätiýaç ammarlaryndaky nebitden alyp, berjaý etjekdigini aýtdy.

Ýurdunyň nebit önümçiliginiň bir günde aýyň ahyrynda 11 million barrele, noýabr aýynyň ahyrynda bolsa 12 million barrele ýetiriljekdigini nygtan Ben Salman, hüjümleriň “Aramkonyň” günlük nebit önümçiliginiň 50 göterimine golaýyny, gaz önümçiliginde bolsa 2 milliard m3 tebigy gazyn öndürilmegini bökdändigini aýtdy.

Ministr Ben Salman ýurdunyň şu aýdaky nebit eksportynyň üýtgemejekdigini we ykdysady girdejiniň geçen aýlara görä durnukly boljakdygyny beýan etdi.

Metbugat ýygnagynda söz sözlän “Aramkonyň” Dolandyryjylar geneşiniň başlygy Ýasir Ar Rumaýýan bolsa hüjüm sebäpli “Aramkonyň” biržada halka hödürlenmeginiň yza süýşürilmejekdigini aýtdy.



Degişli Habarlar