Saudia, 2 Ýyl Soň Stambula Ilkinji Uçar Saparyny Gurady

Uçar saparlary hepde-de 3 gün amala aşyrlar.

1823477
Saudia, 2 Ýyl Soň Stambula Ilkinji Uçar Saparyny Gurady

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli Stambul saparlaryna iki ýyl arakesme beren Saud Arabistanynyň Saudia howa ýoly firmasy, Jidde sapary bilen Stambul saparlaryna ýaňadandan başlady.

Jidde şäherinde uçan uçar, 130 ýolagçy bilen Stambul howa menziline gondy.

Uçar saparlarynyň ýaňadandan başlamagy mynasibetli Saudia uçary howa menzilinde dabaraly ýagdaýda garşylandy.

Saudianyň Stambul howa menzilinden Riýad, Medine we Jidde saparlary hem başlady.

Uçar saparlary hepde-de 3 gün amala aşyrlar.

 



Degişli Habarlar