Senagat önümçiligi sentýabr aýynda 3,2 göterim ýokarlady

Sentýabr aýynyň senagat önümçiligi indeksinin netijeleri çap edildi

1306424
Senagat önümçiligi sentýabr aýynda 3,2 göterim ýokarlady

Türkiýäniň Hasabat guramasy sentýabr aýynyň senagat önümçiligi indeksinin netijelerini çap etdi. Şuňa laýyklykda senagat önümçiligi sentýabr aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 3,4 göterim ýokarlap, awgust aýy bilen deňeşdirilende 3,2 göterim ösdi.

Senagatyň aşakky pudaklary seljerilende sentýabr aýynda magdançylyk we daş-kömür pudagy geçen ýylyň şol aýyna görä 5,7, önümçilik senagaty indeksi 3,4, elektrik, gaz, bug we yklymlandyryş önümçiligi we olary sarp edijilere ýetiriş pudagy 0,4 göterim ösüş etdi.



Degişli Habarlar