Sentýabr aýynda eksport 15,2 milliard dollara barabar boldy

Türkiýäniň sentýabr aýyndaky eksporty geçen ýylyň şol aýyndakydan öňe geçip, 15,2 milliard dollara ýetdi

1280401
Sentýabr aýynda eksport 15,2 milliard dollara barabar boldy

Söwda ministri Ruhsar Pekjan Mersin şäherinde sentýabr aýynyň eksport görkezijilerini beýan etdi.

Pekjan: “Sentýabr aýynda eksportymyz geçen ýylyň degişli aýyndaky güýçli performansdan öňe geçip, 15,2 milliard dollara deň boldy. Ýylyň 9 aýyndaky kumulýatiw eksportymyz geçen ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende 2,56 göterim ýokarlap, 132,5 milliard dollar boldy. Sentýabr aýyndaky importymyz 0,15 göterim ýokarlap, 16,9 milliard dollara ýetdi” diýdi.

Pekjan: “Geçen ýyl 9 aýda 52,5 milliard dollara barabar bolan daşary söwda ýetmezçiligimiz 68,8 göterim aşaklap, 16,4 milliard dollara deň bolmagy möhüm” diýdi.



Degişli Habarlar