Sitrus Eksportundan 8 Aýda 340 Million Dollarlyk Girdeji Gazanyldy

Sitrus önümlerinin eksporty geçen ýyl bilen deňeşdirilende 32 göterim artdy

1485126
Sitrus Eksportundan 8 Aýda 340 Million Dollarlyk Girdeji Gazanyldy

 

Ortaýer deňizi Ter gök we miwe önümleri eksportçylar bileleşiginiň başlygy Nežat Sin, beren ýazmaça beýanatynda, sitrus önümleriniň ter gök we miwe önümleriniň eksportunda esasy orun eýeleýändigini aýtdy.

Nežat Sin “8 aýda 666 müň tonna sitrus önümini eksport edip Türkiýä 339,8 million dollarlyk girdeji gazandyrdyk” diýdi.

Sin, sitrus önümlerinin eksportunyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 32 göterim artandygyny belledi.

Siturs önümleriniň eksportunda 119, 4 million dollar bilen Russiýa birinji, 33,4 million dollar bilen Ukraina ikinji, 32,4 million dollar bilen Yrak üçinji orny eýeleýär.


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #sitrus

Degişli Habarlar