Söwda ministri Pekjan Horwatiýada saparda bolýar

Duşuşykda iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklary bilen maýa goýumlaryň artydyrlmagy meselesine garaldy

1357961
Söwda ministri Pekjan Horwatiýada saparda bolýar

Söwda ministri Ruhsar Pekjan Horwaniýanyň Daşary işler we ÝB ministri Gordon Grliç Radman bilen duşuşdy.

Horwatiýada saparda bolýan Söwda ministri Pekjan, Horwatiýanyň Ykdysadyýet we El hünärleri ministri Darko Horwan bilen bolan duşuşygyndan soň Horwaniýanyň Daşary işler we ÝB ministri Gordon Grliç Radman bilen hem duşuşdy.

Söwda ministrliginiň berýän maglumatyna görä, Horwatiýanyň Daşary işler ministrliginde bolan duşuşykda, täze ýylda ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne alan Horwatiýanyň döwürleýin ýolbaşçylygy döwründe Gürmük bileleşigi şertnamasynyň ýaňadandan gözden geçirilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklary bilen maýa goýumlaryň artydyrlmagy meselesine hem garaldy.

Söwda ministri Pekjan saparynyň çäginde iki ýurdun işewür adamlarynyn gatnaşmagynda tegelok stoluň başynda geçirlen maslahata hem gatnaşdy.

 



Degişli Habarlar