Stambul howa menzili arkaly noýabr aýynyň ahyryna çenli 40 müň 52 ýolagçy syýahat etdi

Stambul howa menzilinden içerki uçuşlarda 190, daşary ýurtlara ýurtlara hem 107 uçar sapary guraldy

1103059
Stambul howa menzili arkaly noýabr aýynyň ahyryna çenli 40 müň 52 ýolagçy syýahat etdi

Stambul howa menzili arkaly 40 müň 52 ýolagçy syýahat etdi.

Üstümizdäki ýylyň 29ynjy oktýabrynda dabaraly ýagdaýda birinji bölegi ulanylmaga berlen Stambul howa menzilinden noýabr aýynyň ahyryna çenli 40 müň 52 ýolagçy syýahat etdi.

Mesele hakynda berlen beýanata görä, Türk Howa Ýollary noýabr aýynyň ahyryna çenli Stambul howa menzilinden içerki uçuşlarda 190, daşary ýurtlara ýurtlara hem 107 uçar saparyny gurady.

THÝ Stambul howa menzilinden 31-nji oktýabrda Ankara we Lefkoşa, 1-nji noýabrdan başlap İzmir we Antalýa şäherlerinde uçar saparlaryny başlaty.

THÝ Stambul howa menzilinden 8-nji noýabrda bolsa Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwa ilkinji uçar saparyny gurady.

Stambul howa menziliniň birinji böleginiň 29-njy oktýabrda ulanylmaga berilmeginden soň içerki uçuşlarda 25 müň 712, daşary ýurtlara uçuşlarda hem 14 müň 340 ýolagçy bolmak bilen jemi 40 müň 52 ýolagçy howa menzili arkaly syýahat etdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar