Stambul Howa Menzili Liderligini Dowam Etdirýär

Stambul howa menzili düýn guralan 635 uçar sapary bilen Ýewropadaky howa menzilleriniň arasynda birinji orny eýeledi.

1659415
Stambul Howa Menzili Liderligini Dowam Etdirýär

Ýewropa howa gatnawy gullugynyň Ýewropa ýurtlarynda guralan uçar saparlary hakyndaky habarnamasyna görä, Stambul howa menzili düýn guralan 635 uçar sapary bilen Ýewropadaky howa menzilleriniň arasynda birinji orny eýeledi.

Stambul howa menzilinden soň 602 uçar sapary bilen Parižiň Çarles de Gaulle howa menzili ikinji, Amsterdamyň Schipol howa menzili üçünji orny eýeledi.

Habarnamada Pariž, Brýussel, Antalýa, Milan we Warşawa howa menzillerinden guralan uçar saparlarynyň soňky 2 hepdede 8 göterim artandygy nygtaldy.



Degişli Habarlar