Stambuldaky howa menzillerini ulanan ýolagçylaryň sany 70 milliona ýetip barýar

Şu ýyl Stambuldaky howa menzillerini ulanan ýolagçylaryň sany 70 milliona ýetip barýar

1270478
Stambuldaky howa menzillerini ulanan ýolagçylaryň sany 70 milliona ýetip barýar

Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlary aralygynda, Stambuldaky howa menzillerinden 466 müň 906 uçar sapar bilen 68 million 448 müň 359 ýolagça hyzmat berildi.

Atatürk howa menzilinde şu ýylyň ýanwar-awgust aýlary aralygynda ýurdyň öz içindäki uçar saparlary boýunça 4 million 227 müň 132, daşary ýurtlara guralan uçar saparlary boýunça bolsa 11 million 845 müň 402 ýolagça hyzmat berildi.

Aprel aýynda käbir uçar gatnawlaryna ýapylan Atatürk howa menzilinde, şol wagt aralygynda 16 million 72 müň 534 ýolagçy hyzmat berildi.  



Degişli Habarlar