Ter Gök we Miwe Önümleriniň Eskporty 13 Göterim Artdy

Russiýa ter gök we miwe önümleriniň eksportynda 32,88 göterimlik paý bilen birinji orny eýeledi.

1761317
Ter Gök we Miwe Önümleriniň Eskporty 13 Göterim Artdy

Türkiýäniň ter gök we miwe önümleriniň eksporty 2021-nji ýylda geçen ýyl bilen deňeşdirilende 13 göterim artyp 3 milliard 83 million dollara barabar boldy.

Russiýa ter gök we miwe önümleriniň eksportynda 32,88 göterimlik paý bilen birinji orny eýeledi.

Türkiýeden Russiýa 2020-njy ýylda 948 million 817 müň dollarlyk ter gök we miwe önümi eksport edilipdi.

Russiýa edilen ter gök we miwe önümleriniň eksporty 2021-nji ýylda bolsa 1 milliard 13 million dollara barabar boldy.

Ter gök we miwe önümleriniň eksportyndan Russiýadan soň 287 million 863 müň dollar bilen Germaniýa ikinji, 234 million 700 müň dollar bilen Yrak üçünji, 216 million 708 müň dollar bilen Ukraina dördünji we 208 million 611 müň dollar bilen Ruminiýa bäşinji orny eýeledi.



Degişli Habarlar