THÝ Liwiýa Uçar Saparlaryna Başlaýar
"Liwiýa uçar saparlarymyz başlaýar. Uçar saparlarymyz hepde-de 3 gün amala aşyrlar”
2119392
Türk howa ýollarynyň 10 ýyl soň Liwiýa uçar saparlarynyň başlajakdygy habar berildi.
Liwiýanyň Premýer-ministri Abdulhamid Dibeýbe sosial mediadan beren habarnamasynda “10 ýyl soň THÝ geljek hepdeden başlap Liwiýa uçar saparlaryna ýaňadandan başlar” diýdi.
Premýer-ministr Dibeýbe, THÝ-niň Liwiýa uçar saparlaryny guramaga başlamagynyň ýurdundaky durnuklylygyň görkezijisidigini nygtady.
THÝ-nyň Baş müdüri Bilal Ekşi hem sosial mediadan beren habarnamasynda “Liwiýa uçar saparlarymyz başlaýar. Uçar saparlarymyz hepde-de 3 gün amala aşyrlar” diýdi.
Degişli Habarlar
Dokma Senagatynyň Eksporty Artýar
Dokma öndürijiler 183 ýurda we erkin söwda zolagyna önümlerini eksport etdi.