THÝ uçar saparlarynyň sanyny artdyrýar

Türk howa ýollary kärhanasy ABŞ-nyň 5 uly şäherine guralýan uçar saparlarynyň sanyny artdyrýar

1658076
THÝ uçar saparlarynyň sanyny artdyrýar

Türk howa ýollary kärhanasynyň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, Türk howa ýollary kärhanasynyň Boston, Çikago, Los-Anjeles, Maýami we San-Fransisko şäherlerine uçar saparlarynyň sanyny artdyrjakdygy mälim edildi. 

"Indi bolsa ABŞ gezelenç etmegiň wagty geldi" sözbaşysy bilen berilen beýanatda: " Boston, Çikago, Los-Anjeles, Maýami we San-Fransisko şäherleri üçin kemerleriňizi dakyň. ABŞ-nyň 5 uly şäherine Stambuldan gönüden uçar saparlarynyň sany iýun aýynda artýar" diýip habar berildi. 

Beýanata görä 3-nji iýundan başlap Çikago şäherine uçar saparlarynyň sany 10-a, Los-Anjeles şäherine bolsa uçar saparlarynyň sany 11-e ýetirildi. 

Stambul-Boston şäherleriniň arasynda amala aşyrylýan uçar saparlarynyň sany bolsa 14-nji iýundan başlap, 7-ä ýetirildi. 

16-njy iýundan başlap Stambul-Maýami uçar saparlary 10-a, 17-nji iýundan başlap Stambul-San-Fransisko şäherleriniň arasyndaky uçar saparlarynyň sany bolsa 10-a ýetiriler. 



Degişli Habarlar