Türk Akymy taslamasyndan tebigy gaz eksport edilmäge başlandy

Russiýanyň energetika kärhanasy Gazprom, Türk Akymy tebigy gaz geçiriji turba taslamasyndan ilkinji 1 milliard kub metr tebigy gazyň akdyrylandygyny habar berdi

1349045
Türk Akymy taslamasyndan tebigy gaz eksport edilmäge başlandy

Gazprom tarapyndan berilen beýanatda, şu aýyň başynda işlemäge başlan Türk Akymy taslamasynyň üsti bilen ilkinji 1 milliard kub metr tebigy gazyň 54 göteriminiň Türkiýe, 46 göteriminiň bolsa Bolgariýa-Türkiýe serhedine iberilendigi habar berildi. 

Russiýanyň gazyny Türkiýä we Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa eksport edýän Türk Akymy taslamasynyň açylyşy, 8-nji ýanwarda Stambulda R.T. Erdogan we Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin tarapyndan ýerine ýetirildi. 

 



Degişli Habarlar