Türk baly 30 ýurda eksport edildi

Bal eksportunda Germaniýa birinji orny eýeleýär

1186642
Türk baly 30 ýurda eksport edildi

 

Türk baly ýanwar-mart aýlaryny öz içine alýan döwürde Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Saud Arabystanynyň we Belgiýanyň başda durmagynda 30 ýurda eksport edildi.

Gündogar Garadeňiz eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde 30 ýurda 1544 tonna bal eksport edilip 6 million 321 müň 690 dollarlyk girdeji gazanyldy

Bal eksportunda Germaniýa birinji orny eýeleýär

Germaniýa 1 million 707 müň 994 dollarlyk 459 tonna bal eksport edildi.

ABŞ bal eksportunda 1 million 212 müň 437 dollar bilen ikinji, Saud Arabystany 996 müň 27 dollar bilen üçünji, Belgiýa 453 müň 481 dollar bilen dördünji we Awstriýa hem 320 müň 414 dollar bilen bäşinji orny eýeledi.

 

 

 

 


Etiketkalar: #bal , #eksport , #Germaniýa

Degişli Habarlar