Türk halylary Amerikan bazarynda isleg bildirilýän harytlaryň biri

Türk halylary arassaçylygyň öň hatara çykan koronawirus epidemiýasy tapgyrynda Amerika materiginde isleg bildirilen harytlaryň arasyna girdi

1533531
Türk halylary Amerikan bazarynda isleg bildirilýän harytlaryň biri

Bu materige 2020-nji ýylyň ilkinji 10 aýynda edilen haly eksporty, 2019-njy ýylyň ilkinji 10 aýyna garanyňda 34,6 göterimlik artyş bilen 759 million 537 müň dollara ýetdi. 

Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň Haly pudagynyň geňeşiniň başlygy Salahattin Kaplan, Türkiýäniň iň köp haly eksport eden ýurtlaryň başynda ABŞ-nyň gelýändigini, bu ýurtdan soň Saud Arabystany, Germaniýa, Britaniýa, Yrak, Müsür, BAE, Liwiýa, Eýran we Belgiýa ýaly ýurtlaryň gelýändigini habar berdi. 

Salahattin Kaplan, pandemiýa döwründe esasan hem Ýewropa we Amerika materiklerinde arassaçylygyň öň hatara çykandygyna ünsleri çekip: "Bu etapda arassaçylyk taýdan möhüm haryt bolan haly isleg bildirilýän önümleriň biri boldy. Türk halysy häzirki wagtda Amerikan bazarynyň isleg bildirilýän markasy boldy" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #eksport , #haly

Degişli Habarlar