Türkiýä şu ýylyň ilkinji 10 aýynda takmynan 14 milliona golaý syýahatçy geldi

Türkiýä şu ýylyň noýabr aýyna çenli 13 million 652 müň 641 syýahatçy geldi

1532683
Türkiýä şu ýylyň ilkinji 10 aýynda takmynan 14 milliona golaý syýahatçy geldi

Medeniýet we syýahatylyk ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda Türkiýä 11 million 200 müň 892 daşary ýurtly syýahatçy geldi. 

Daşary ýurtda ýaşap ýanwar-sentýabr aralygynda Türkiýä gelen 2 million 451 müň 749 türk raýatyň goşulmagy bilen bolsa, şu ýylyň ilkinji 10 aýynda ýurda gelen syýahatçy sany 13 million 652 müň 641-e ýetdi. 

Türkiýe ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda iň köp syýahatçy ugradan ýurt 1 million 911 müň 264 adam bilen Russiýa Federasiýasy boldy. 

Şol wagt aralygynda Germaniýadan 1 million 37 müň 293 syýahatçy, Bolgariýadan bolsa 997 müň 470 syýahatçy geldi. 

Iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda Bolgariýadan soň Ukraina we Britaniýa gelýär. 


Etiketkalar: #syýahatçy , #Türkiýe

Degişli Habarlar