Türkiýäniň 4-nji Burawlaýyş Gämisi Düşümli Bolsun

Türkiýäniň 4-nji burawlaýyş gämisiniň degişli taýarlyklaryň görülmeginden soň burawlaýyş işlerine başlar

1829698
Türkiýäniň 4-nji Burawlaýyş Gämisi Düşümli Bolsun

Energetika we tebigi serişdeler ministri Fatih Dönmez, Türkiýäniň 4-nji burawlaýyş gämisiniň degişli taýarlyklaryň görülmeginden soň burawlaýyş işlerine başlajakdygyny aýtdy.

Ministr Dönmez, sosial mediadan beren habarnamasynda, 4-nji burawlaýyş gämisiniň Türkiýä gelendigini mälim etdi.

Gämiň Mersin Taşuju portuna gelendigini nygtan Dönmez “Taşuju portunda 2 aýlyk taýarlyk etabynyň tamamlanmagyndan soň gämimiz ilkinji burawlaýyş işlerine başlar. Halkymyzyň dogasy we işgärlerimiziň irginsiz zähmedi bilen buşlukly habar almak üçin işe girişer” diýdi.

Günorta Koreýadaky Okpo portundan 7-nji martda ýola çykan gämi döwrebap tehnalogiýalar bilen gurşalan.

Uzynlygy 238 metr, ini 42 metr bolan gämi 2 aý portda galar.

 

 

 

 



Degişli Habarlar