Türkiýäniň Funduk Eksporty 32,9 Göterim Artdy

Funduk eksporty 367,7 million dollara barabar boldy.

1762098
Türkiýäniň Funduk Eksporty 32,9 Göterim Artdy

Türkiýäniň funduk eksporty 2021-nji ýylda 2020-njy ýyl bilen deňeşdirilende 32,9 göterim artyp 367,7 million dollara barabar boldy.

Türkiýäniň funduk we funduk önümleriniň eksporty bolsa geçen ýyl 2020-njy ýyl bilen deňeşdirilende 16,6 göterim artyp 2 milliard 269,7 million dollara ýetdi.

Funduk we funduk önümleriniň eksportynda Germaniýa, Italiýa, Fransiýa, Polşa we Gollandiýa esasy orun eýeledi.

Geçen ýyl Germaniýa 536,4 million dollarlyk, Italiýa 497,7 million dollarlyk, Fransiýa 163,1 million dollarlyk, Polşa 106,3 million dollarlyk we Gollandiýa 84,1 million dollarlyk funduk we funduk önümlerini eksport edildi


Etiketkalar: #eksport , #funduk

Degişli Habarlar