Türkiyäniň funduk eksporty artdy

Türkiye şu ýylyň ilkinji 3 aýynda dünýäniň 69 ýurduna 73 million 790 müň dollarlyk funduk eksport etdi

2125826
Türkiyäniň funduk eksporty artdy

Geçen ýylyň degişli döwründe funduk eksportyndan 24 million 250 müň dollarlyk girdeji alynan bolsa, bu ýyl şol wagt aralygynda 73 million 790 müň dollar girdeji alyndy. 

Türkyäniň iň köp funduk eksport eden ýurtlaryň hatarynda Italiýa 1-nji orunda durýar. Şu ýylyň ilkinji 3 aýynda dünýäniň 69 ýurduna funduk eksportyny amala aşyran Türkiye, Italiýa şu ýylyň ilkinji çärýeginde 12 million 145 müň dollarlyk funduk eksport etdi.

Funduk eksportynda Italiýadan soň 11 million 835 müň dolalr bilen Germaniýa, 9 million 116 müň dollar bilen Yrak döwletleri gelýär. 


Etiketkalar: #Italiýa , #eksport , #funduk , #Türkiye

Degişli Habarlar