Türkiýäniň gül eksporty artdy

Türkiýe, Ýewropa ýurtlary başda bolmak bilen dünýäniň 83 ýurduna gül eksport edýär

1590643
Türkiýäniň gül eksporty artdy

Türkiýäniň 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 21-nji fewrala çenli aralygynda amala aşyran gül eksporty, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 19 göterimlik artyş hasaba alyndy. 

Geçen ýylyň 1-nji ýanwar 21-nji fewral aralygynda 19 million 953 müň dollarlyk gül ekport edilen bolsa, şu ýyl şol görkeziji 23 million 752 müň dollara ýetdi. 

Florasynda 3 müň 500-den gowrak endemiki ösümlik bolan Türkiýe, kesilen güller, otagda we daşarda ýetişdirilýän ösümlikler, gül soganlary, ýaş nahallar, çemen we suwotular toparyndaky ösümlikleri eksport edýär. 

Parnikdäki we ýaýlagda önümçiligi bilen eksport möwsümini ýylyň 12 aýyna ýetiren Türkiýe, Ýewropa ýurtlary başda bolmak bilen dünýäniň 83 ýurduna gül eksport edýär. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #eksport , #gül

Degişli Habarlar