Türkiýäniň Senagat önümçiligi ýyllyk görkezijiler boýunça 11,4 göterim artdy

Türkiýäniň senagat önümçiliginiň indeksi, 2021-nji ýylyň noýabr aýynda aýlyk görkezijiler boýunça 3,3 göterim, ýyllyk görkezijiler boýunça 11,4 göterim artdy

1762049
Türkiýäniň Senagat önümçiligi ýyllyk görkezijiler boýunça 11,4 göterim artdy

Türkiýäniň Statistika edarasy, geçen ýylyň noýabr aýynyň Senagat önümçilik indeksiniň netijelerini aýan etdi. 

Şoňa görä Türkiýäniň senagat önümçiligi 2021-nji ýylyň noýabr aýynda 2020-nji ýylyň noýabr aýyna garanyňda 11,4 göterim artdy.

Senagatyň pudak bölümlerine ser salynanda şol döwür aralygynda dag magdan we karýer pudagynyň indeksi 2020-nji ýylyň noýabr aýyna garanyňda 7,5 göterim, önümçilik senagat pudagynyň indeksi 12,5 göterim we elektrik tok, gaz, bug we kondisionirlemäniň önümçiligi we paýlanşygy pudagynyň indeksi 4 göterim artdy. 

Türkiýäniň senagat önümçiligi 2021-nji ýylyň noýabr aýynda aýlyk görkezijiler boýunça 3,3 göterim artdy. 

Şol döwür aralygynda önümçilik senagat pudagynyň indeksi 3,8 göterim we elektrik tok, gaz, bug we kondisionirlemäniň önümçiligi we paýlanşygy pudagynyň indeksi bolsa 0,4 göterim artdy.



Degişli Habarlar