Türkiýe 55 Ýurda Funduk Eksport Etdi

8 aýda 55 ýurda 176 müň 529 tonna funduk eksport edildi

1495342
Türkiýe 55 Ýurda Funduk Eksport Etdi

 

Türkiýe, üstümizdäki ýylyň 8 aýlyk döwründe 176 müň 529 tonna funduk eksport edip 1 milliard 227 million 308 müň 815 dollarlyk girdeji gazandy.

Trabzonly funduk öndürijiler ýanwar-awgust aýlaryny öz içine alýan döwürde 467 million 491 müň dollarlyk funduk eksport etdi.

Trabzonly funduk öndürijiler 66 müň 433 tonna funduk eksportundan 467 million 491 müň dollarlyk girdeji gazandy.

8 aýda Italiýanyň, Germaniýanyň we Kanadanyň başda durmagynda 55 ýurda 176 müň 529 tonna funduk eksport edildi.

Ady agzalýan döwürde Italiýa 118 million 61 müň 421 dollarlyk, Germaniýa 85 million 640 müň 289 dollarlyk, Kanada 39 million 693 müň 294 dollarlyk funduk eksport edildi.


Etiketkalar: #Germaniýa , #eksport , #funduk

Degişli Habarlar