Türkiýe bilen Azerbaýjan bilelikde wagon öndürer

Baku-Tiblisi-Kars demir ýolunyň wagonlaryny Türkiýe bilen Azerbaýjan bilelikde öndürer

1101146
Türkiýe bilen Azerbaýjan bilelikde wagon öndürer

Tranposrt we infstruktura ministri Mehmet Jahit Turhan, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň bilelikde Baku-Tiblisi-Kars demir ýolunyň wagonlaryny öndürjekdigini mälim etdi.

Iş sapary bilen Azerbaýjana giden ministr Turhan saparynyň çäginde paýtagt Bakuda Azerbaýjanyň Döwlet demirýollarynyň başlygy Gawid Gurbanow bilen duşuşdy.

Duşuşykdan soň metbugata beýanat beren Turhan, Gurbanow bilen Baku-Tiblisi-Kars demir ýolunyň has gowy hyzmat etmegi üçin durmuşa geçiriljek işleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny nygtady.

Baku-Tiblisi-Kars demirýol taslamasyna uly maýa goýlandygyny aýdan Turhan, taslamanyň Azerbaýjanyň, Gürjistanyň we Türkiýäniň däl eýsem goňşy ýurtlaryň ýükleriniň daşalmagy taýdan möhümdigini belledi.

 


 

 



Degişli Habarlar