Türkiýe funduk önümçiliginden 1 milliard 578 million dollarlyk girdeji agzandy

Türkiýe 100-den gowrak ýurda 251 müň 293 tonna funduk eksport etdi

1307897
Türkiýe funduk önümçiliginden 1 milliard 578 million dollarlyk girdeji agzandy

Türkiýe funduk önümçiliginden ýanwar-oktýabr aýlarynda 1 milliard 578 million dollarlyk girdeji agzandy.

Dünýäniň funduk önümçiliginde esasy orun eýeleýän Türkiýe üstümizdäki ýylyň ýanwar-oktýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde fundukdan 1 milliard 578 million dollarlyk girdeji gazandy.

Garadeňiz Funduk we funduk önümleri eksportçylar bileleşiginiň berýän maglumatyna görä, Türkiýe 2019-njy ýylyň ýanwar aýynyň 1-den oktýabar aýynyň 31-ne çenli 100-den gowrak ýurda 251 müň 293 tonna funduk eksport etdi.

Türkiýe funduk eksportundan 1 milliard 578 million dollarlyk girdeji gazandy

Ady agzalýan döwürde İtaliýa 66 müň 302 tonna funduk eksport edilip 429 million 136 müň dollarlyk girdeji gazanyldy.

Funduk eksportunda Germaniýa ikinji, Fransiýa bolsa üçünji orny eýeledi.

 



Degişli Habarlar