Türkiýe, geçen ýyl 277 million aýakgap eksport etd

Iň ýokary eksport artyşy 168 göterim bilen Hytaýa amala aşyryldy

1354756
Türkiýe, geçen ýyl 277 million aýakgap eksport etd

Türkiýe 2018-nji ýylda 249 million aýakgap eksport eden bolsa, eksport geçen 2019-njy ýylda 11,2 göterimlik artyş bilen 277 milliona ýetdi.

Eksportdan alynan girdeji, 6,4 göterimlik artyş bilen 932 million dollara ýetip, ähli wagtlaryň rekordy goýuldy.

Iň köp eksport 106 million dollar bilen Russiýa edilen bolsa, Russiýadan soň 70 million dollar bilen Yrak we 59 million dollar bilen Germaniýa geldi.

Iň ýokary eksport artyşy 168 göterim bilen Hytaýa amala aşyryldy.


Etiketkalar: #aýakgap , #eksport

Degişli Habarlar