Türkiýe Käbir Önümleriň Öndürilmegi Boýunça Dünýäde 1-nji Orny Eýeleýär

Türkiýe funduk, çereşniýa, injir, erik, beýi we göknar öndürmekde dünýäde birinji orunda durýar

1660606
Türkiýe Käbir Önümleriň Öndürilmegi Boýunça Dünýäde 1-nji Orny Eýeleýär

Oba we tokaý hojalygy ministrliginiň görkezijilerine görä Türkiýe ekerançylyk önümçiligi taýdan soňky 10 ýylda Ýewropada we dünýäde birinji orunlary eýeleýär.

2005-2019-njy ýyllaryň aralygyndaky döwürde ekerançylygyň hasyllygy taýdan Ýewropada birinji orny eýeleýän Türkiýe, dünýade 7-nji orunda durýar.

Türkiýäniň ekerançylyk önümçiligi geçen ýyl öňki ýyl bilen deňeşdirilende 20 göterim ýokarlap, 333,3 milliard lira deň boldy.

Türkiýe funduk, çereşniýa, injir, erik, beýi we göknar öndürmekde dünýäde birinji, gawun, garpyz, wişnýa, hyýar we nohut önümçiliginde ikinji, mandalina we alma önümçiliginde üçünji, Antepfystygy, ýertutadanasy, kaştan, hoz we merjimek önümçiliginde bolsa 4-nji orny eýeleýär. Gant şugundyrynda 5-nji, limynda we üzümde 6-njy orny eýeleýän ýurt, pagta öndürmekde 7-nji orunda durýar.

Türkiýe bugdaý ununyň eksportunda dünýäde birinji, makaron eksportunda ikinji orny eýeleýän bosla, miwe öndürmekde 5-nji, gök önümleri öndürmekde bolsa 4-nji orny eýeleýär.

Türkiýe geçen ýol 205 ýurda 1982 görnüşli oba hojalyk önümlerini eksport edip, 20,7 milliard dollar girdeji aldy.



Degişli Habarlar