Türkiýe-Saglygy goraýyş syýahatçylygynda dünýäniň parlak ýyldyzy

"Doc's Health Tourism Agency"  kärhanasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Ýusuf Temrel mesele bilen bagly beýanat berdi

1494017
Türkiýe-Saglygy goraýyş syýahatçylygynda dünýäniň parlak ýyldyzy

Täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy iň netijeli göreş alyp barýan ýurtlaryň bolan Türkiýe, esasan hem saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerine we özgerden ulgamyna öwgüli sözler aýdylýar. 

Türkiýe saglygy goraýyş ugrundaky özgertmeleri, saglygy goraýyş desgalary we hususy hassahanalaryň bu ugur boýunça edýän tagallalarynyň netijesinde, ýurdyň saglygy goraýyş syýahatçylygy bu ugurda uly öňe gidişlikler etdi. 

Anadoly Habarlar agentligine beýanat beren "Doc's Health Tourism Agency"  kärhanasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Ýusuf Temrel, bu pudakdan epidemiýa tapgyryna garamazdan soňky ýyl ortaça 1 milliard dollarlyk girdeji alynandygyny belläp, onuň takmynan 60 göterimlik böleginiň bolsa plastiki hirurgiýadan alynandygyny habar berdi. 

Geçen ýyl saglygy goraýyş syýahatçylygynyň we syýahatçylaryň saglygynyň çäginde Türkiýede 662 müň 87 adamyň bu pudakdan hyzmat alandygyny aýdan Temrel: "Bu görkeziji 2020-nji ýylyň ilkinji çärýeginde 143 müň 266 boldy. Bu wagt aralygynda alynan girdeji bolsa 187 müň 955 dollar boldy. Şu ýylyň içinde Türkiýede saglygy goraýyş hymaty ugrunda halkara syrkawlaryň sanawy boýunça ilkinji 3 ýurt bolsa nobat bilen Yrak, Azerbaýjan we Türkimenistan boldy" diýip habar berdi. 

Geçirilen ylmy-derňewe görä, Türkiýäniň epidemiýa tapgyrynda iň howpsyz ýurtlaryň arasynda bolan Fransiýa, Italiýa, Ispaniýa we Britaniýa ýaly Ýewropa ýurtlaryndan öňe geçendigini aýdan Temrel, epidemiýa garşy giýç çäre görmek bilen tankyt edilen ABŞ-nyň bolsa sanawyň 58-nji ornunda durandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar