Türkiýe we Russiýa Halkara Pul gaznasyndan kömek soramady

Poul Thomsen, Ýewropanyň Kovid-19 krizisi we Halkara Pul gaznasynyň işleri bilen bagly makala ýazdy

1387840
Türkiýe we Russiýa Halkara Pul gaznasyndan kömek soramady

Halkara Pul gaznasynyň Ýewropa departamentiniň müdüri Poul Thomsen, Türkiýe we Russiýadan daşary, Orta we Gündogar Ýewropadaky ÝB-e agza bolmadyk 9 ykdysadyýetiň aglabasynyň Halkara Pul gaznasyndan tiz maliýe goldawynyň çäginde, gyssagly kömek sorap ýüz tutandygyny habar berdi. 

Poul Thomsen, Ýewropanyň Kovid-19 krizisi we Halkara Pul gaznasynyň işleri bilen bagly makala ýazdy. 

Kovid-19-yň Ýewropa uly bir zarba urandygyna ünsleri çeken Thomsen, krizisiň näçe dowam etjegi bilinmesede, agyr bir ykdsady täsiriniň boljakdygyny mälim etdi. 

Halkara Pul gaznasynyň kömegine mätäç bolan ösüp barýan ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň üstünde durup geçen Thomsen: "Türkiýe we Russiýadan daşary, Orta we Gündogar Ýewropadaky ÝB-e agza bolmadyk 9 ykdysadyýetiň aglabasy Halkara Pul gaznasyndan tiz maliýe goldawynyň çäginde, gyssagly kömek sorap ýüz tutdy" diýip habar berdi. 

Thomsen, Kovid-19 krizisiniň basyşlaryna garşy Halkara Pul gaznasynyň takmynan 50 milliard dollarlyk adatdan daşary ýagdaýlar üçin niýetlenen programadan peýdalanmak isleýän 70-den gowrak ýurdyň bardygyny aýan etdi. 



Degişli Habarlar