Türkiýede 1,5 Million Ýaşaýyş Jaýy Satyldy

Geçen ýyl Türkiýe 1,5 million ýaşaýyş jaý satuwy bilen Ýewropada birinji orny eýeledi.

1762821
Türkiýede 1,5 Million Ýaşaýyş Jaýy Satyldy

Türkiýäniň Hasabat guramasynyň ýaşaýyş jaý satuwy boýunça görkezijilerine görä ýurtda edilen ýaşaýyş jaýlarynyň satuwu, bahalaryň artmagyna garamazdan 2020-nji ýyla görä parallel boldy we 1,491,856 ýaşaýyş jaýy satyldy.

Geçen ýyl ýetilen sepgit ahli döwürleriň ýyllyk mukdardaky ikinji rekordy boldy. Türkiýe 2021-nji ýylda 1,5 milliona barabar ýaşaýyş jaý satuwy bilen Ýewropada birinji orny eýeledi.

Iň köp ýaşaýyş jaýynyň satylan şäheri Stambul boldy. Mega şäherde 276,223 ýaşaýyş jaýy satyldy.

Ankarada 144,104, İzmirde 86,722 ýaşaýyş jaýy satyldy.

Geçen ýyl daşary ýurtlulara 68,600 ýaşaýyş jaýynyň satylandygy habar berildi.

Gozgalmasyz emläk edinenleriň başynda yraklylar, eýranlylar, ruslar, iňlisler, nemesler we owganlar durýar.

 



Degişli Habarlar