Türkiýede daşary ýurt raýatlaryna satylýan ýaşaýyş jaýlaryň sany artmaga dowam edýär

Ýylyň ilkinji 10 aýynda daşary ýurt raýatlaryna satylan ýaşaýyş jaýlaryň sany 31 müň 423-e ýetdi

1536395
Türkiýede daşary ýurt raýatlaryna satylýan ýaşaýyş jaýlaryň sany artmaga dowam edýär

Daşary ýurt raýatlaryna satylan ýaşaýyş jaýlaryň sanynyň 2/3 bölegini özünde jemleýän Stambul we Antalýa welaýatlarynda ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda daşary ýurtlylara satylan jaýlaryň sany 20 müň 477-ä ýetdi.

Ýylyň ilkinji 10 aýynda daşary ýurt raýatlaryna satylan ýaşaýyş jaýlaryň sany 31 müň 423-e ýetdi. 

Şol satuwlaryň 65,2 göterimini Stambul we Antalýa welaýatlary özünde jemleýär. 

Ady agzalan döwürde Stambulda 14 müň 424 ýaşaýyş jaý satylan bolsa, daşary ýurtlaryň Antalýadan satyn alan ýaşaýyş jaýlarynyň sany 6 müň 53-e ýetdi. 

Stambuldan we Antalýadan soň daşary ýurtlara Ankarada 2 müň 176, Bursada 1068, Ýalowada 1008, Mersinde 994, Izmirde 731, Samsunda 698, Sakarýada 678 we Muglada 613 ýaşaýyş jaý satyldy.  



Degişli Habarlar