Türkiýede ýaşaýyş jaý satuwlary artdy

Türkiýede ýaşaýyş jaý satuwlary awgust aýynda ýyllyk derejede 54,2 göterim artyp, 170 müň 408-e ýetdi

1491212
Türkiýede ýaşaýyş jaý satuwlary artdy

Türkiýäniň Hasabat guramasynyň berýän maglumatyna görä, ýaşaýyş jaý satuwlarynda Stambul 30 müň 292 bilen sanawyň ilkinji ornunda durýan bolsa, Stambuldan soň 17 müň 131 ýaşaýy jaý bilen Ankara, ondan soň bolsa 11 müň 145 ýaşaýyş jaý bilen Izmir gelýär. 

Daşary ýurt raýatlaryna bolsa ýaşaýyş jaý satuwlary awgust aýynda geçen ýylyň awgust aýyna garanyňda 8 göterim artyp, 3 müň 893 ýaşaýyş jaý hökmünde bellige alyndy. 

Daşary ýurt raýatlaryna satylan ýaşaýyş jaýlaryň sanawy: Stambul 1648, Antalýa 784, Ankara 288, Mersin 148 we Ýalowa 133. 

Awgust aýynda Türkiýede Eýranyň raýatlary 640, Yragyň raýatlary 592, Russiýanyň raýatlary 366, Owganystanyň raýatlary 156 we Azerbaýjanyň raýatlary 154 jaý satyn aldylar. 

Ýanwar-awgust aýlary aralygynda bolsa ýaşaýyş jaýlaryň satuwy geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 42,6 göterim artyp, 1 million 24 müň 534-e ýetdi. 

 



Degişli Habarlar