Türkiýeden 14-nji fewral Walentino güni mynasybetli 60 million gül ugradyldy

Türkiýeden 14-nji fewral Walentino güni mynasybetli Gollandiýa, Britaniýa, Germaniýa, Rumyniýa we Ukraina ýaly 50 ýurda 60 million gül eksport edildi

1355288
Türkiýeden 14-nji fewral Walentino güni mynasybetli 60 million gül ugradyldy
cicek.jpg
cicek ihracati.jpg
cicek ihracati.jpg
cicek ihracati.jpg

Merkezi Anadoly Bezeg ösümlikleri we önümleri bileleşiginiň başlygy İsmail Ýylmaz şu ýyl geçen ýyldakydan 6 million şaha gülüň köp eksport edilendigini aýtdy.

Waletino güni üçin 50 ýurda 60 million gül ugradandyklaryny beýan eden Ýylmaz: “Esasanda Gollandiýa, Britaniýa, Germaniýa, Rumyniýa we Ukraina uly mukdarda eksport amala aşyrdyk. Walentino güni üçin 6,5 million dollarlyk eksport edildi. Soňky önümleri ugradýarys. Ulag bilen ugratmagy bes etdik. Mundan soň isleg bildiren müşdelerimize uçar bilen ugradarys” diýdi.

Ýylmaz gülçülik pudagynyň 14-nji fewral Walantino güni üçin islegleri kanagatlandyrandan soň 8-nji mart Bütindünýä aýal-gyzlar güni üçin taýarlyklara başlajakdygyny aýtdy.



Degişli Habarlar