Türkiýeden ABŞ-na amala aşyrylýan eksport artdy

Türkiýäniň ABŞ-na amala aşyran eksporty, şu ýylyň ilkinji 5 aýynda 2021-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 28,6 göterim artyp, 6 milliard 72 million 901 müň dollara ýetdi

1842396
Türkiýeden ABŞ-na amala aşyrylýan eksport artdy

Türkiýäniň Eksportçylar mejlisi tarapyndan berilen maglumata görä, Türkiýäniň eksporty şu ýylyň ilkinji 5 aýynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 20,4 göterim artyp, 102 milliard 504 million dollara ýetdi. 

Türkiýäniň ABŞ-na amala aşyran eksporty, şu ýylyň ilkinji 5 aýynda 2021-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 28,6 göterim artyp, 6 milliard 72 million 901 müň dollara ýetdi. ABŞ-nyň Türkiýäniň eksportyndan alan paýy bolsa 6,52 göterim boldy. 

Türkiýeden ABŞ-na şol döwür aralygynda iň köp himiki maddalar we önümleri eksport edildi. Himiki maddalar we önümleriniň ABŞ-na daşary satuwy şu ýylyň ilkinji 5 aýynda 55,2 göterimlik artyş bilen, 682,7 million dollara ýetdi. 


Etiketkalar: #eksport , #Türkiýe

Degişli Habarlar