Ýanwar aýynda eksport 6,1 göterim artdy

“Ýanwar aýyndaky eksport respublika taryhynyň iň ýokary çägine çenli baryp ýetdi”

1352111
Ýanwar aýynda eksport 6,1 göterim artdy

 

Türkiýäniň ýanwar aýyndaky eksporty 6,1 göterim artyp 14 milliard 765 million dollara barabar boldy.

Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň başlygy Ismail Gülle Hataýda ýanwar aýyndaky eksport görkezijileri hakynda maglumat berdi.

Gülle 2020-njy ýylyň birinji aýynda eksportyň ýokarlandygyna ünsi çekdi.

Gülle “Ýanwar aýyndaky eksportymyz 6,1 göterim artyp 14 milliard 765 million dollara barabar boldy. 12 aýlyk eksport bolsa 181,6 milliard dollara barabar boldy” diýip belledi.

Söwda ministri Ruhsar Pekjan hem “Ýanwar aýyndaky eksport respublika taryhynyň iň ýokary çägine çenli baryp ýetdi” diýdi.

 



Degişli Habarlar