ÝB-ne agza 28 ýurt 7,8 milliard ýewrolyk kofe import etdi

ÝB-ne agza 28 ýurt 2018-nji ýylda jemi 7,8 milliard ýewro barabar kofe import etdi

1279619
ÝB-ne agza 28 ýurt 7,8 milliard ýewrolyk kofe import etdi

Ýewropanyň Hasabat guramasy 1-nji oktýabr Halkara kofe güni mynasybetli kofe importynyň görkezijilerini çap etdi.

Şuňa laýyklykda ÝB-ne agza 28 ýurt 2018-nji ýylda 3 million tonna kofe import edip, oňa jemi 7,8 milliard ýewro sarp etdi.

Bellenen döwürde Germaniýa 1,09 milion tonna, İtaliýa 587 müň tonna, Belgiýa 277 müň tonna, İspaniýa 260 müň tonna, Fransiýa 220 müň tonna we Britaniýa 193 müň tonna kofe import etdi.

ÝB-ne agza ýurtlara kofe eksport eden ýurtlaryň başynda Braziliýa durýar.

Braziliýa 2018-nji ýylda ÝB-ne agza ýurtlara 901 müň tonna kofe eksport etdi.

ÝB-ne kofe eksport eden beýleki ýurtlar bolsa Wiýetnam, Gonduras, Kolumbiýa we Uganda.



Degişli Habarlar