ÝB Tunise 162 Million Ýewro Maliýe Kömegini Berdi

Ýewropa Bileleşigi Tunisdäki özgertmeleri goldamak üçin 162 million ýewro maliýe kömegini berdi.

1844563
ÝB Tunise 162 Million Ýewro Maliýe Kömegini Berdi

Tunisiň Ykdysadyýet we maksatnamalar ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada, hökümetiň maýa goýum pudagyndaky özgertmelerini goldamak üçin ÝB-niň 162 million ýewro kömek berendigi aýan edildi.

Tunisiň hökümeti 24-nji fewraldan bari dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli bar bolan ykdysady çökgünligiň hasam agyrlaşmagy sebäpli birnaçe wagtdan bäri daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin özgertmeleriň üstünde işleýär.

ÝB 5-nji maýda beren beýannamasynda Tunisde başdan geçirilýän agyr ykdysady çökgünligiň täsirlerini azaltmak üçin 300 million ýewro karz berilendigini mälim edipdi.



Degişli Habarlar