Ugandanyň Prezidenti Museweni, Türk Maýa Goýumlaryndan Hoşal

Türkiýe-Uganda işewürler maslahatynda iki ýurduň arasyndaky maýa goýum mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

1826311
Ugandanyň Prezidenti Museweni, Türk Maýa Goýumlaryndan Hoşal

Ugandanyň Prezidenti Ýoweri Museweni, türk işewürleriniň ýurduna goýan maýa goýumlaryndan hoşaldygyny aýtdy.

Ugandanyň paýtagty Kampalada geçirlen Türkiýe-Uganda işewürler maslahatyna gatnaşan ministrler we işewür adamlary iki ýurduň arasyndaky maýa goýum mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdy.

Maslahata gatnaşan Prezident Museweni “Biz türk işewür adamlarynyň maýa goýumlaryndan hoşal. Uganda maýa goýmak diňe Uganda maýa goýmak manysyny aňlatmaýar. Uganda, Gündogar Afrika jemyýetiniň agzasy. Şol sebäpli hem Uganda maýa goýmak şol bir wagtda Gündogar Afrikanyň gapylaryny açýar, bu diýseň uly bazar” diýdi.

 



Degişli Habarlar