Ukraina Bilen Türkiýäniň Arasynda Erkin Söwda Şertnamasynyň Baglaşylmagy Üçin Gepleşik Geçirilýär

7 ýyldan bäri dowam edýän gepleşiklerde uly öňe gidişlik edildi

1493569
Ukraina Bilen Türkiýäniň Arasynda Erkin Söwda Şertnamasynyň Baglaşylmagy Üçin Gepleşik Geçirilýär

Ukrainanyň Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Taras Kaçka, Ukraina bilen Türkiýäniň arasynda erkin söwda şertnamasynyň baglaşylmagy üçin geçirilýän gepleşikleriň ýaňadandan başlandygyny aýtdy.

Kaçka resmi Ukrinform habarlar gullugyna beren beýanatynda 7 ýyldan bäri dowam edýän gepleşiklerde uly öňe gidişlik edilendigini belledi.

Ýanwar aýynda iki ýurduň biri-birine täze teklip hödürlemegi meselesinde ylalaşyk gazanylandygyny nygtan Kaçka, awgust aýynda Türkiýeden täze teklibiň gelendigini ýatlatdy.

Kaçka “Biz hem öz teklibimizi taýarlaýarys we gepleşikler ýaňadandan başlady” diýdi.



Degişli Habarlar